Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy

  • 03.07.2025 11:14
  • 8.3k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Victory 45-47 ady bilen öz atyr hatarynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi.

Atyrlar onuň 2016-njy we 2024-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişleriniň şanyna döredildi (Tramp Ak tamyň hasap boýunça 45-nji we 47-nji ýolbaşçysy boldy).

“Trump atyrlary eýýäm satuwda. Olar Victory 45-47 diýlip atlandyrylýar, sebäbi ýeňşi, güýji we üstünligi alamatlandyrýar – hem erkekler, hem zenanlar üçin. Atyr çüýşesini satyn alyň we öz gadyrdanlaryňyz üçin hem ýene birini satyn almagy ýatdan çykarmaň. Lezzet alyň, şatlanyň we ýeňmegi dowam etdiriň!” – diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

Tramp atyr çüýşeleriniň suratyny hem hödürledi. Gaplama erkekler üçin gara reňkde we zenanlar üçin gyzyl reňkde ýerine ýetirilen. Gutularda atyrlaryň önümçiliginiň çäklidigi görkezilýär.
Çüýşede hoşboý ysyň ady we Trampyň goly bar. Gapagy bolsa Prezidentiň gyzyl çaýylan şekili bilen bezelipdir. 


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....