Huawei kompaniýasy Pura 80 hatarynyň global tanyşdyryş senesini yglan etdi

  • 30.06.2025 18:48
  • 3.7k+

Huawei kompaniýasy täze Pura 80 smartfon hataryny 10-njy iýulda dünýä bazaryna hödürlär. Dünýä boýunça tanyşdyrylyş dabarasy Dubaýda geçiriler. Bu barada kompaniýanyň resmi beýannamasyna salgylanyp, Gizmochina portaly habar berdi.

Bu hatara Pura 80, Pura 80 Pro, Pura 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girýär. Olar ozal Hytaýda tanyşdyrylypdy. Häzirki wagtda bu modelleriň ilki bilen haýsy ýurtlarda satuwa çykjakdygy barada maglumat ýok.
Huawei Pura 80 Ultra flagman modeli dünýäde ilkinji gezek iki obýektiwli telefotokamera bilen enjamlaşdyrylan smartfon boldy. Bu enjam 50 megapiksellik üýtgeýän diafragmaly (f/1.6-4) kamera, 40 megapiksellik giň burçly kamera, 1,5 megapiksellik spektral datçik we goşa teleobýektiwli telefotokamera ulgamyndan (50 MP we 12,5 MP) ybarat bolup, 3,7 esse we 9,4 esse optiki zumy (ýakynlaşdyrma) üpjün edýär.
Pura 80 Pro modeli hem 50 megapiksellik esasy kamera we 40 megapiksellik giň burçly kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu modeldäki teleobýektiw 4 esse optiki zumy goldaýar.
Hataryň ähli modelleri Kirin 8020 çipseti esasynda işleýär. Enjamlar simli we simsiz tiz zarýad bermegi, şeýle-de hemra arkaly aragatnaşygy goldaýar. Esasy model 6,6 dýuýmlyk OLED displeý, beýleki modeller bolsa 6,8 dýuýmlyk LTPO ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu displeýler 1-den 120 Gertse çenli üýtgeýän täzeleniş ýygylygyny we 1,07 trln reňki görkezmegi başarýar.
Adaty model 5600 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen (66 Wt simli + 50 Wt simsiz), ýokary modeller bolsa 5700 mA·sag batareýa bilen gelýär (100 Wt simli + 80 Wt simsiz).


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...