Maýli Saýrus, Timoti Şalame we Demi Mur Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alar

  • 04.07.2025 18:47
  • 3.6k+

Demi Mur, Timoti Şalame, Emili Blant we Maýli Saýrus Los-Anjelesiň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyza mynasyp bolar. Olaryň atlary 2026-njy ýylda öz gazananlaryny Golliwud alleýasynda ebedileşdirjek 33 adamyň sanawyna girdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Ýyldyzlar “Kino”, “Telewideniýe”, “Teatr ýa-da janly çykyş”, “Radio”, “Ses ýazgysy” we “Sport güýmenjeleri” kategoriýalarynda berilýär.
Şeýle hormata mynasyp bolan beýleki adamlaryň arasynda aktýorlar Rami Malek, Stenli Tuççi we Reýçel MakAdams, şeýle-de şef-aşpez we telealypbaryjy Gordon Ramzi bar. “Sport güýmenjeleri” kategoriýasynda ýyldyzy öňki basketbolçy Şakil O’Nil alar.
Aýdymçy we aktrisa Maýli Saýrus bu habara sosial ulgamlardaky sahypasynda teswir berdi.

“Meni ruhlandyran şahsyýetler bilen gurşalan bu meşhur alleýada yz galdyrmak ýönekeý bir arzuw ýaly görünýär. Bu pursat baky ýaşar. Muny mümkin eden durmuşymdaky ähli adamlara minnetdar” – diýip, ol ýazdy. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......