Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

  • 01.07.2025 14:06
  • 1.9k+

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär.

Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň we Mattias Ýabsyň keşplerini degişlilikde Aleksandr Dreýmon (“Soňky Patyşalyk” (“Последнее королевство”), Lýudwig Trepte (“Nesilleriň söweşi” (“Война поколений”), Lýuk Brendon Fild (“Jojo towşan” (“Кролик Джоджо”) we Ed Spelirs (“Eragon”) ýerine ýetirer.
Şeýle hem taslama Dominik West hem goşuldy, ol toparyň menejeri Dok MakGiniň keşbini oýnar.
Filmiň üstünde şu ýyl işlenip başlanar. Dünýäde ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Distribýutorlary - Fox Entertainment Global we Warner Bros. Discovery.
Toparyň iň meşhur aýdymlaryndan biriniň hormatyna taslama Wind of Change diýlip atlandyryldy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......