2.7k+

Mask çagalar üçin Baby Grok çat-botuny döreder

Ilon Maskyň xAI startapy Grok çat-botunyň çagalar üçin niýetlenen görnüşini döretmek bilen meşgullanar. Bu barada telekeçi X sosial ulgamynda habar berdi. Täze çat-bot Baby Grok adyny alar we çagalar kontentine gönükdiriler...

15k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.07 - 27.07)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar...

8.7k+

“Mortal Kombat 2” filminiň ilkinji treýleri çykdy

Warner Bros. studiýasy Mortal Kombat wideo oýunlary boýunça düşürilen filmiň dowamynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol “Mortal Kombat 2” adyny aldy. Wideodan görnüşi ýaly, täze bölümiň merkezi gahrymany Jonni Keýj boldy...

4.1k+

“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi...

2.2k+

“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy auksiona çykarylar

“Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звездные войны: Империя наносит ответный удар) we “Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylan Dart Weýderiň şöhle gylyjy Los-Anjelesde auksiona çykarylar...

3.5k+

Indiana Jonsuň gamçysy auksionda ýarym million dollara satyldy

Heritage Auctions auksionynda “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (Индиана Джонс и последний крестовый поход) filmindäki gamçy 525 müň dollara satyldy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi. “Gamçy – kino taryhynda rowaýaty gahrymanyň, Indiana Jonsuň belli nyşanydyr we ol bu auksionyň esasy wakasyna öwrüldi” – diýip, Heritage Auctions-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena belledi...

2.1k+

BTS taryhynda ilkinji konsert albomyny çykardy

BTS K-pop topary “Permission to Dance On Stage” ady bilen özüniň ilkinji konsert albomyny çykardy. Ol 2021-2022-nji ýyllarda koreý toparynyň dünýä boýunça konsert syýahatynyň dowamynda ýazylan 22 aýdymy öz içine alýar...

2k+

Trombon, tüýlek jandar we balet tansçysy: Unicode täze emojileri görkezdi

Unicode konsorsiumy Unicode 17.0 täzelenmesinde peýda boljak täze emojileri görkezdi. Tanyşdyrylyş Bütindünýä emoji gününiň öňüsyrasy geçirildi. Smartfonlarda we kompýuterlerde dokuz sany täze emoji peýda bolar: ·Trombon; ·Hazynaly sandyk; ·Üýtgän ýüz; ·Tüýlek jandar; ·Uruş buludy; ·Gemrilen alma; ·Kit; ·Balet tansçysy; ·Dagdan daşlaryň gaýtmagy...

6.1k+

Coca-Cola ABŞ-da mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalşar

Coca-Cola kompaniýasy amerikan bazary üçin öndürýän içgisiniň düzümini üýtgetmäge razy boldy. Bu barada 16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donalt Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda habar berdi. Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň ýolbaşçylygyna ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalyşmagy teklip edendigini aýtdy...

2.9k+

Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär...

1.7k+

Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer

Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer...

6.2k+

Xiaomi-niň, Redmi-niň и POCO-nyň 31 modeli Android 16-ny almaz

Xiaomi kompaniýasy Android 16-a çenli täzelenmäni almajak 31 sany smartfon modeliniň sanawyny çap etdi. Bu enjamlar funksiýalar toplumy çäkli bolan Android 15-e esaslanýan täze HyperOS 3 programma üpjünçiligi bilen täzelener...

10k+

iPhone 17 täze A19 prosessoryny alar

Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi. Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar. Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar...

9.9k+

Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy

Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär...

8.2k+

Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi...

2.8k+

“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy...

6.2k+

Galaxy S26 Ultra täze ultra-inçe CoE OLED displeýine eýe bolar

Samsung Galaxy S26 Ultra flagman smartfony Color Filter of Encapsulation tehnologiýasyny ulanýan iň täze CoE OLED displeýine eýe bolar. Bu barada Ice Universe hytaý insaýderi habar berdi. CoE OLED beýleki displeýlerden adaty gatlaklaryň deregine reňk süzgüjiniň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar...

3.3k+

Sazanda Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny aldy

Sazanda we Louis Vuitton-yň erkekler hatarynyň direktory Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny – Hormatly legion ordenini aldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär. 2023-nji ýylda aýdymçy, prodýuser we telekeçi iň uly fransuz moda öýleriniň birinde erkekler hatarynyň döredijilik direktory wezipesine bellendi...

5.8k+

Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň iň gowy smartfony boldy

Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok...

4.8k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär...