Nintendo “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň tizerini görkezdi

  • 15.09.2025 15:08
  • 1.2k+

Nintendo Direct tanyşdyrylyşynda “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň ilkinji tizeri görkezildi. Täze multfilm The Super Mario Galaxy Movie adyny aldy.

Tizer sýužeti açyp görkezmeýär. Wideoda kamera ilki agajyň aşagynda ýatan Mariony görkezýär, soňra şa gyzy Pijiň galasyna golaýlaýar, soň bolsa kosmosa okdurylýar.
Multfilmiň dowamynyň ady 2007-nji ýylda Nintendo Wii konsoly üçin çykan Super Mario Galaxy oýnuna salgylanýar. Ol taryhda iň gowy oýunlaryň biri hasaplanýar.
Multfilmiň relizi 2026-njy ýylyň 3-nji apreline meýilleşdirilýär. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, iňlis dilli wersiýada ses bermäge birinji bölümdäki aktýorlar gaýdyp geler: Kris Pratt (Mario), Anýa Teýlor-Joý (şa gyzy Piç), Çarli Deý (Luiji), Jek Blek (Bouzer), Kigan-Maýkl Ki (Toad) we Kewin Maýkl Riçardson (Kamek).
Birinji animasion film “Doganlar Super Mario kinoda” 2023-nji ýylyň aprelinde prokata çykdy. Universal Pictures we Illumination studiýalarynyň filmi 1,3 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda wideooýunlaryň iň üstünlikli ekranlaşdyrmasy boldy. 2023-nji ýylda ondan köp girdejini diňe Greta Gerwigiň “Barbi” komediýasy gazandy.
Multfilmiň üstünligi 1993-nji ýylda baş keşpde Bob Hoskins bilen şowsuz çykan “Superdoganlar Mario” filminiň muşdaklaryny aýratyn begendirdi. Bu film tankytçylar tarapyndan ýaramaz kabul edilipdi we 48 mln dollar býujetde 20 mln dollar ýygnap, çykdajylary ödemedi. Şondan soň Nintendo uzak wagtlap öz oýunlarynyň esasynda täze kino taslamalaryny döretmekden ýüz öwürdi. 


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......