OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar

  • 16.09.2025 12:21
  • 1.8k+

ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar.

Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär. Mysal üçin, ulanyjylar çat-bota soňky wagtlar köplenç iş maksady bilen däl-de, şahsy meseleler bilen has köp ýüz tutýar. Häzir OpenAI-ň döreden emeli aňyna iş bilen baglanyşykly soraglar boýunça ýüz tutýanlaryň sany 27%-e çenli azalypdyr, bary-ýogy bir ýyl öň bu görkeziji 47%-e deňdi.
Ýüzlenmeleriň köpüsi amaly maslahatlar, maglumat gözlegi, her dürli teklipler ýa-da tekst redaktirlemesi bilen bilen baglanyşykly. Gepleşikleriň takmynan 80%-i şu ugurlara degişli.
Ulanyjylar 49% ýagdaýda ChatGPT-den maslahat soraýar ýa-da maglumat alasy gelýär, 40% ýagdaýda belli bir meseläni çözüp bermegi, mysal üçin, tekst ýa-da kompýuter kody ýazmagy tabşyrýar. Gepleşikleriň galan 11%-inde bolsa adamlar hiç hili maglumat islemän, çat-bot bilen diňe pikir alyşýar ýa-da duýgylaryny paýlaşýar.
ChatGPT-niň ilkinji wersiýasy 2022-nji ýylyň ahyrynda köpçülige elýeterli boldy. 2025-nji ýylyň awgustynyň başynda OpenAI özüniň täze ChatGPT 5 modelini hödürledi.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......