Kodak kindiwanja sanly kamera-breloklary çykardy

  • 15.09.2025 10:54
  • 3.9k+

Kodak Charmera diýlip atlandyrylýan kindiwanja sanly kamera-breloklar satuwa çykdy. Olaryň dizaýny Kodak-yň 1987-nji ýyldaky ilkinji bir gezek ulanylýan kamerasyndan ylham aldy.

Enjam Kodak bilen ygtyýarnama şertnamasy boýunça Reto kompaniýasy tarapyndan öndürilýär.
Model "kör guty" diýilýän formatda goýberilýär: kolleksiýada gizlin dury görnüşi goşmak bilen, ýedi wariant bar. Reňkleri - sary, gyzyl, çal, nagyşly ak, älemgoşar suratly gara we gök.
Kameranyň agramy 30 gram, ölçegi 58 × 24,5 × 20 mm, 35 mm f / 2.4 obýektiw, 1,6 MP-lik datçik bilen enjamlaşdyrylan. Ol 1440 × 1080 durulykda surata we sekuntda 30 kadr tizlikde AVI wideo düşürýär.
1 GB çenli mikro SD kartlary goldaýar, kartasyz diňe birnäçe kadr saklanýar. Enjam kompýutere birikýär we USB-C arkaly zarýad alýar.
Kamerada süzgüçler we Kodak-yň nusgawy suratlarynyň stilinde çarçuwalar bar. Öndüriji ony "islendik suraty kiçijik baýramçylyga öwürýän gyzykly we könäni ýatladýan aksesuar" hökmünde görkezýär.
Diňe bir kameranyň bahasy 29,99 dollar ýa-da tutuş toplumyňky - 179,94 dollar.

düýn 16:35
3.1k+

Gülgüne reňkli ýaprak çekirtge bolup çykdy: Panamanyň jeňňellerinde duş gelýän adaty bolmadyk kamuflýaž

Panamanyň tropiki tokaýlarynda edilen açyş alymlary tebigatyň tanyş maskirowka mehanizmlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Adatça hemme zadyň ýaşyl reňkde bolýan ýerinde birden açyk gülgüne "ýaprak"......

düýn 16:22
3.8k+

Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social»......

düýn 15:50
2.2k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....

düýn 15:46
1.1k+

18 müňden saýlananlar: «Memorial Maria Luisa Awards 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

«Memorial Maria Luisa Awards 2026» halkara bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän bu bäsleşik tebigat, daglar we başdan geçirmeler mowzugyndaky suratlara bagyşlandy....