Rolling Stone-nyň we Variety-niň neşirýatçysy AI gözleg ulgamynyň jogaplary sebäpli Google-y kazyýete berdi

  • 18.09.2025 10:07
  • 1.2k+

Rolling Stone, Billboard, The Hollywood Reporter we Variety neşirýatlaryna eýeçilik edýän Penske Media amerikan metbugat kompaniýasy Google-y Waşingtondaky federal sebit kazyýetine berdi diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär.

Talap arzasynda gözleg soraglaryna gysga jogaplary döredýän emeli aň ulgamy bolan AI Overviews-iň (Emeli aň maglumatlary) žurnalistik materiallary bikanun ulanýandygy öňe sürülýär. Penske munuň saýtlara girilmegini azaldýandygyny we mahabatdan hem-de hyzmatdaşlyk programmalaryndan gelýän girdejiniň azalmagyna sebäp bolýandygyny aýdýar.
Kompaniýa mazmuny boýunça Google gözleg netijeleriniň takmynan 20%-inde AI-niň gysgaça maglumatlarynyň bardygyny we bu paýyň artmagyny dowam edýändigini  aýtdy. Netijede, ulanyjylar neşirleriň web sahypalaryna seýrek girýärler, sebäbi zerur maglumatlar eýýäm döredilen jogapda bar. Penskäniň maglumatyna görä, hyzmatdaşlaryň baglanyşyk girdejisi 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri üçden bir esse azaldy.
Google bu aýyplamalary ret etdi. "Adamlar AI Overviews arkaly gözlegi has peýdaly hasaplaýarlar we köplenç ony ulanýarlar" – diýip, kompaniýada aýtdylar. Onuň wekilleriniň sözlerine görä, AI Overviews-den linklere basýan ulanyjylar saýtlarda has köp wagt eglenýärler. Google esassyz talaplara garşylyk bildirmek isleýändigini aýtdy.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......