Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy

  • 15.09.2025 16:51
  • 1.9k+

Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär.

Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy. Bu hem Google-a ilkinji gezek global üpjünçilik boýunça premium-smartfon öndürijileriniň ilkinji bäşligine girmäge mümkinçilik berdi.
Uly ösüşe, esasan, 2024-nji ýylda Pixel 9 hatarynyň üstünlikli çykmagy täsir etdi. Ol hünärmenlerden we alyjylardan ýokary bahalary aldy. Şeýle-de, ösüşe täze bazarlara – şol sanda Gündogar Ýewropa, Günorta-Gündogar Aziýa we Günorta Amerika ýaýramagy hem-de marketing strategiýasy we eksklýuziw Google funksiýalary bilen arassa Android-e üns berilmegi ýardam etdi.
Apple-iň henizem bazaryň 62%-i bilen agdyklyk ediji orny eýeleýändigine we Samsung-yň 20%-i saklaýandygyna garamazdan, hut Google 600 dollardan ýokary smartfonlaryň segmentinde iň çalt ösýän brend boldy. Deňeşdirmek üçin, Huawei we Xiaomi, degişlilikde, 24% we 55% ösüş görkezdi, ýöne Pixel-iň ösüş depgininden öňe geçip bilmedi.
Analitikler Pixel-iň täze ýurtlara ýaýramagynyň brendiň ornuny berkidip, ösüşini çaltlaşdyryp biljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Google premium segmentde ynamly ornuny saklaýar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....