Apple bahar paslyna çenli ýene-de on sany täze önüm çykarar

  • 18.09.2025 10:26
  • 2.5k+

Ýakynda geçirilen tanyşdyryşdan soň, Apple 2026-njy ýylyň ýazyna çenli ýene-de on sany täze önüm çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloombergiň synçysy Mark Gurman habar berdi.

Eýýäm indiki aý has güýçli M5 prosessorly we portret ugurly goşmaça kamerasy bolan täzelenen iPad Pro planşetiniň çykmagyna garaşylýar.
Şeýle hem, ýylyň ahyryna çenli M5 prosessorly we gowulandyrylan berkitmeli, ýöne dizaýnynda çynlakaý üýtgeşmesiz täze giňeldilen hakykat garniturasy çykyp biler. Enjamyň has çynlakaý işlenen wersiýasy 2027-nji ýyldan soň çykar.
Ýerleşiş ýerini has takyk kesgitleýän U2 çipli AirTag 2 belligi şu ýyl bazara çykyp biler. Şol çip AirPods Pro 3 nauşniklerine hem goşular. Mundan başga-da, kompaniýa Apple TV-iň we HomePod mini-niň N1 çipli täzelenen wersiýalaryny taýýarlaýar. Geljek ýazdan başlap, Apple TV Apple Intelligence funksiýalary we täzelenen Siri üçin goldaw alar we HomePod mini bolsa täze reňk görnüşlerini alar.
2025–2026-njy ýyllaryň sepgidinde täze daşarky monitorlar: 27 dýuým diagonally Pro Display XDR-iň we Mac Studio Display-iň täzelenen görnüşleri peýda bolup biler. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda M5 prosessorly täze MacBook Pro-yň we MacBook Air-nyň, şeýle hem A19 çipli iPhone 17-niň çykmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde Smart Home Hub hem çykarylmaly. Onuň ilkinji çykyşy Siri-niň has ösen wersiýasynyň taýýarlanýandygy sebäpli yza süýşürilipdi.
Gurmanyň sözlerine görä, kompaniýa gözegçilik kameralarynyň, displeýli akylly enjamyň we robot manipulýatorynyň üstünde işleýär hem-de geljekde ykjam robotlary çykarmaga taýynlanýar, ýöne ikinjisi hakda bir zat diýmek entek ir.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...