Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar

  • 16.09.2025 20:07
  • 6.9k+

Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi.

Bewerli Hillzdäki esasy jaý 1963-nji ýylda tanymal Frenk Lloýd Raýtyň ogly, binagär Lloýd Raýt tarapyndan taslandy. Soňra Linç oňa iki goňşy jaýy goşdy, olaryň biri “Ýitirilen ýol” filminiň käbir sahnalaryny düşürmek üçin ýer bolup hyzmat etdi. Toplumyň umumy meýdany 10 müň inedördül metrden geçýär.
Gozgalmaýan emläk 15 mln dollar diýlip bahalandyryldy.
Jaýlarda Asymmetrical Productions kinokompaniýasynyň ştab-kwartirasy, hususy montaž studiýasy we kinozal ýerleşdirilipdi. Interýer minimalistik bolup, geometrik şekilleri we üýtgeşik reňkleri utgaşdyrýar. Toplumyň çäginde baýra bakýan panorama penjiresi, peç, basseýn we iki gatly myhman jaýy bar.
Ozal, iýunda Linçiň 400-den gowrak şahsy goşlary The David Lynch Collection auksionynda satylypdy. Olaryň arasynda režissýorlyk kürsüsi, aýdym-saz gurallary, 150 müň dollara satylan tamamlanmadyk “Ronni Raket” filminiň ssenarisi we 40 müň dollara satylan 1977-nji ýylyň “Bozguç kelle” (Голова-ластик) filminiň 35 millimetrlik plýonkasy bar.
Dewid Linç 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykdy. 


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....