Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler

  • 16.09.2025 18:33
  • 3.9k+

Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer.

Çäräniň geçirilişi geçen ýyl bilen deňeşdirilende üýtgär. Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň esasy çykyşy 17-nji sentýabrda demirgazyk amerikan wagty bilen 17:00-da (Aşgabat wagty bilen 18-nji sentýabrda 05:00-da) bolar. 18-nji sentýabrda programma kompaniýanyň beýleki top-menejerleri hem goşular (Aşgabat wagty bilen 22:00), şondan soň işläp düzüjiler üçin sessiýalar geçiriler.
Esasy bildiriş Hypernova kod ady bilen Meta-nyň displeýli ilkinji äýnegi bolmaly. Ol habarnamalary we suratlary görmäge mümkinçilik berer, ony ozal Orion prototipi bilen bilelikde hödürlenen bilezik-kontrolleriň kömegi bilen dolandyryp bolar. Gurluşyň ýylyň ahyryna çenli, takmynan, 800 dollar bahadan Celeste ady bilen satuwa çykmagyna garaşylýar. Şeýle-de, Prada bilen hyzmatdaşlykda has gymmat görnüşi-de bolup biler.
Mundan başga-da, Ray-Ban bilen bilelikde döredilen displeýsiz äýnegiň täzelenmesi hödürlener. Ol täze kamera, sygymly akkumulýatora we goşmaça EA funksiýalaryna eýe bolar. Satuwda hem Günden goraýjy, hem dury linzaly modeller elýeterli bolar. Şeýle-de, Meta üçünji tarap öndürijiler üçin öz platformasyny açyp biler, bu hem ekoulgamy giňelder.
Emeli aň hem konferensiýanyň ýene bir esasy mowzugy bolar. Kompaniýa äýnekler we programmalar üçin täze funksiýalary meýilleşdirýär, şeýle-de dürli dil toparlary üçin şahsylaşdyrylan botlaryň üstünde işleýär. Super-aňy we Llama dil modellerini ösdürmek boýunça bildirişler hem bolup biler. Ozal Llama 4-üň çykmagy soňa goýlupdy.
Gün tertibine metaälemi hem girer. Horizon Worlds üçin täzelenmäniň bolmagyna, şol sanda EA-nyň esasynda NPC-niň goşulmagyna garaşylýar.
Kompaniýa başga täzelikleri-de hödürläp biler, ýöne olar barada Meta Connect 2025 resmi taýdan açylandan soň belli bolar. 


19.06.2026 19:38
575

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......