YouTube ähli awtorlar üçin wideo dublýažy funksiýasyny elýeterli edýär

  • 14.09.2025 21:04
  • 1k+

YouTube ähli kontent döredijiler üçin wideo köp dilli ses bermek funksiýasyny resmi taýdan işe girizýär.

Mundan öň kompaniýa funksiýany iki ýyl synagdan geçirdi – ol MrBeast, Jamie Oliver we Mark Rober ýaly belli blogerleriň gatnaşmagynda 2023-nji ýylda başlady. Indi millionlarça awtor öz wideolaryna dürli dillerde dublýaž goşup bilýär, bu hem aýratyn kanallary döretmek ýa-da kontenti elde dublirlemek zerurlygy bolmazdan, has giň auditoriýa çykmaga mümkinçilik berýär.
Ozal awtorlar üçünji tarap dublýaž hyzmatlaryny ulanýardy, ýöne indi YouTube emeli aňyň esasynda öz guralyny – Google-dan Gemini tehnologiýasyny goşdy. Ol awtomatik taýdan başga dilde dublýaž döredip, hakyky awtoryň ses, äheň, duýgy we stil aýratynlygyny saklaýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, tomaşaçylar başga dillerdäki wideolara ýygy-ýygydan tomaşa edip başlady. Funksiýany synagdan geçirenler ortaça 25% köp tomaşa ýygnady. Mysal üçin, şef-aşpez Jeými Oliweriň kanaly köp dilli ses beriş girizilenden soň tomaşa sanyny üç esse artdyrdy.
Audiodan başga-da, YouTube ulanyjynyň diline görä sazlanýan daşlary (thumbnails) synagdan geçirýär. Bu awtorlara wideo üçin has şahsylaşdyrylan suratlary döretmäge mümkinçilik berýär, bu hem halkara auditoriýanyň gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar.
Şeýlelikde, indi uly bolmadyk kanallar hem dublýaž üçin goşmaça çykdajy etmezden we wagt sarp etmezden, halkara auditoriýa çykyp biler.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......