Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi

  • 16.09.2025 18:23
  • 4.8k+

14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda “Kitap – ýeňşiň açary” ady bilen kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy diýip, guramaçylar habar berdi.

Ýaş nesilleri kitap okamaga çekmek we olaryň ýatkeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjylara Rahmet Gylyjowyň «Halallyk kyssalary» hem-de Kömek Kulyýewiň “Ömür kerweni” atly eserleri boýunça test ýumuşlaryny tabşyryldy. Ýaryşyň şerti baradaky bildiriş okuw merkeziniň jemgyýetçilik torlardaky sahypalarynda paýlaşylypdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça, birinji orna Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Hatyja Nurberdiýewa, ikinji orna şol mekdebiň okuwçysy Aziza Gulamowa, üçünji orna Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurjemal Nyýazmyradowa mynasyp boldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy hem-de bu okuw merkezinde bilim almaklary üçin ýeňillikler döredildi.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......