Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max üýtgeşik dizaýna – yzky panelde displeýe eýe bolar

  • 17.09.2025 23:11
  • 6.9k+

Xiaomi tötänden diýen ýaly maglumatlaryň syzmagyna ýol berdi: kompaniýanyň resmi akkaunty Weibo sosial ulgamynda gysga wagtlyk profil suratyny geljekki Xiaomi 17 Pro Max-yň renderi bilen çalyşdy. Suratyň tiz wagtdan aýrylandygyna garamazdan, ol muşdaklaryň we KHBS-iň arasynda ýaýrap ýetişdi.

Surat kamera blogunda ýerleşdirilen ikinji displeý barada ozal çaklanylan maglumatlary tassyklady. Xiaomi öň 11 Ultra modelinde goşmaça ekrany ulanypdy, ýöne soň bu pikirden ýüz öwürdi. Rendere görä, kompaniýa täze hatarda diňe bir funksiýany yzyna getirmek däl, eýsem ony ulaltmak kararyna gelipdir.
Munuň bilen bir wagtda Xiaomi 17 Pro-nyň ilkinji mahabat wideosy-da peýda boldy. Gysgaça wideo smartfony doly däl-de, diňe onuň dizaýnynyň esasy aýratynlygyny görkezdi. Goşmaça ekranda habarnamalar, howa maglumaty, aýdym-saz pleýeri görkeziler.
Ýatlap geçsek, kompaniýa geljekki tanyşdyrylyşynda Xiaomi 16 hatarynyň deregine Xiaomi 17-ni hödürlär. Şeýle etmek bilen kompaniýa öz täze smartfonlarynyň iPhone 17 bilen deňleşip biljekdigini görkezmek we amerikan brendi bilen bäsdeşligi güýçlendirmek isleýär.
Xiaomi 17, 17 Pro we 17 Pro Max modelleriniň tanyşdyrylyşynyň sentýabrda bolmagyna garaşylýar. Bu smartfonlar kompaniýanyň Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessoryna esaslanýan ilkinji flagmanlary bolar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...