“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady

  • 16.09.2025 18:27
  • 2.9k+

“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последние обряды) elhençlik filminiň kassa ýygymy iki hepde prokatyň dowamynda bütin dünýäde 330 mln dollardan geçdi. Bu barada Variety ýazýar.

Ikinji dynç günleriniň jemi boýunça, film ABŞ-da 131 mln dollar ýygnap, kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi. Ondan öňde diňe “Arwahlary kowýan tyg” animesi bar. Ikinji uik-endde ýygym birinji hepde bilen deňeşdirilende 69% azaldy, ýöne umumy girdeji filmiň täjirçilik taýdan üstünliklidigini tassyklaýar. Film eýýäm çykdajylary ödedi we Warner Bros. studiýasyna uly girdeji getirýär.
Warner Bros.-yň maglumatlaryna görä, ilkinji uik-endde “Soňky dessurlar” 194 mln dollar ýygnap, gorkunç filmleriň arasynda täze rekord goýdy. Öňki üstünlik “Ol” (Оно) filminiň birinji bölümine degişlidi, ol 2017-nji ýylda 189,4 mln dollar gazandy. Taslamalaryň ikisi-de Warner Bros. brendi bilen çykdy.
“Doga” franşizasynyň dördünji bölümi Smerl maşgalasynyň öýünden erbet ruhlary kowýan är-aýal Uorrenleriň hekaýatyny dowam etdirýär. Ilkibaşda taslama seriýanyň soňy hökmünde meýilleşdirilipdi, ýöne döredijiler onuň diňe wakanyň birinji tapgyrynyň jemlemesidigini aýtdy.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......