“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 7,4 mln adam tomaşa etdi

  • 17.09.2025 16:51
  • 2.9k+

CBS kanalynda 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymyna 7,4 mln adam tomaşa etdi. Bu ABC-de ýaýlyma berlen geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Şol wagt ol 2021-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara bolupdy diýip, Variety ýazýar.

Nielsen-iň maglumatlaryna görä, CBS-niň auditoriýasyna hem teletomaşaçylar, hem Paramount+ platformasynyň ulanyjylary girdi. Platformada tomaşa sany CBS-däki soňky dabara bilen deňeşdirilende 76% ýokarlandy. Ýaýlymyň esasy bäsdeşi NBC-de NFL oýny boldy, ýöne sentýabrda sport ýaýlymlary, adatça, reýtinglere ýanwardaky pleý-off oýunlaryndan az täsir edýär.
Dabaranyň alypbaryjysy Neýt Bargase boldy. Şu ýyl iň gowy komediýa serialy “Kinostudiýa”, iň gowy drama serialy – “Pitt hassahanasy”, iň gowy mini-serial bolsa “Ýetginjeklik döwri” diýlip ykrar edildi. Dabaranyň esasy ýeňijisi 13 baýrak alan “Kinostudiýa” boldy.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......