Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y satyn almak barada teklip taýýarlaýar

  • 14.09.2025 21:02
  • 2.1k+

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros Discovery-ny (WBD) satyn almak barada teklip taýýarlaýar. Bu ABŞ-da mediakompaniýalaryň iň uly birleşmesi bolup biler diýip, The Guardian habar berýär.

Şertnama Warner Bros. kinostudiýasy, CNN teleýaýlymy, DC Comics franşizasy we birnäçe teleýaýlymlar, şol sanda HBO ýaly aktiwleri bir brendiň astynda birleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Paramount Ellisonlaryň maşgalasynyň goldaw bermeginde, esasan, pul teklibini gözden geçirýär.
Bu habarlaryň peýda bolan wagty WBD-niň paýnamalary penşenbe güni tas 34% ýokarlanyp, söwdany 29% ösüş bilen tamamlady.
Awgustda Dewid Ellison Paramount-a gözegçiligi ele alandan soň, birnäçe uly şertnamalary baglaşdy. Olaryň arasynda ABŞ-da UFC-ni ýaýlyma bermek barada 7,7 mlrd dollarlyk şertnama, doganlar Daffer bilen hyzmatdaşlyk we Call of Duty oýnuny ekranlaşdyrmak üçin Activision bilen hyzmatdaşlyk bar.
Hünärmenleriň pikiriçe, Paramount bilen WBD-niň birleşmegi striming bazaryny üýtgedip, ony adaty telewideniýä ýakynlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde tankytçylar bäsdeşligiň peselip biljekdigini nygtaýar. Mundan başga-da, kompaniýalar monopoliýa garşy edaralaryň ünsüni çekip biler. 


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......