Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy

  • 16.09.2025 20:04
  • 1.6k+

Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär.

Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar.
Bu sanawda ikinji orny OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-si, üçünji orny Threads sosial ulgam programmasy eýeleýär.
Google-yň gözleg programmasy altynjy, Google Maps sekizinji orunda ýerleşdi. Google Chrome brauzeri 13-nji orny, Gmail poçtasy bolsa 21-nji orny eýeledi.
Kanadada we Beýik Britaniýada Gemini şeýle reýtingde ikinji orunda durýar.
26-njy awgustdan 9-njy sentýabr aralygynda Gemini 23 mln täze ulanyjyny özüne çekdi. Hünärmenler onuň bu üstünligini Nano Banana programmasy bilen baglanyşdyrýar. Ol bu döwürde 500 milliondan gowrak suraty redaktirlemek üçin ulanyldy. Mugt ulanyjylar günde 100 suraty redaktirläp bilýär, ýöne aýda 20 dollar bilen bu çäk günde 1000 surata çenli artýar. 


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 14:47
5k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......