Legendary Germiona bilen Malfoýyň söýgüsi barada muşdaklaryň hekaýatyny ekranlaşdyrar

  • 15.09.2025 09:53
  • 4.2k+

Legendary amerikan kinokompaniýasy Garri Potter baradaky kitaplardan Germiona Greýnjer bilen Drako Malfoýyň gizlin söýgüsi barada fanfikiň esasynda döredilen kitap üçin hukuk satyn aldy. The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy 3 mln dollar boldy.

Studiýa ony ekranlaşdyrmak hukugyny hem aldy.
“Fanfik” diýlip, eýýäm bar bolan kitaplaryň ýa-da filmleriň esasynda muşdaklar tarapyndan ýazylan höwesjeňleriň eserine aýdylýar.
“Baglanan” (asyl ady – Manacled) diýlip atlandyrylýan şeýle eserleriň biri 2018-2019-njy ýyllarda awtor SenLinYu tarapyndan internet ulgamynda neşir edildi we “Dramion” kategoriýasynda iň meşhur hekaýat boldy. Onuň sýužeti “Garri Potter we Feniks ordeni” kitabyndaky wakalardan soň ýaýbaňlanýar: Garri Potter ölýär, Wolan-de-Mort ýeňýär, Drako Malfoý bolsa ýokary hökümdar bolýar we Germiona Greýnjer oňa ýesir hökmünde iberilýär. KHBS-iň maglumatlaryna görä, teksti 10 milliondan gowrak adam okady.
2024-nji ýylda fanfik açyk elýeterlilikden aýryldy. Awtor esasy sýužeti saklap, üýtgedilen gahrymanlar bilen ony kitaba öwürdi. Täze görnüş Alchemised adyny aldy. Onda waka başga älemde bolup geçýär, baş gahrymanlar bolsa – tebip we jadygöý.
Kitap 23-nji sentýabrda dükan tekjelerinde peýda bolar, ol 750 müň nusga tiraž bilen çykar. Neşirýatçylar Alchemised-iň 21 dile terjime ediljekdigini habar berdi. 


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......