“Kinostudiýa” serialy 13 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy

  • 15.09.2025 16:19
  • 3.5k+

14-nji sentýabrda Los-Anjelesde 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş darabasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi 13 heýkele mynasyp bolan, şol sanda “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda ýeňiş gazanan “Kinostudiýa” serialy boldy diýip, Variety habar berýär.

Taslamany dörediji we baş keşbi ýerine ýetiriji Set Rogen ilkinji gezek iň gowy komediýa aktýory hökmünde “Emmi” baýragyny, şeýle-de režissýorlyk we ssenariý üçin baýrak aldy. 13 heýkel komediýa seriallarynyň arasynda “Emminiň” rekordy boldy.
“Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda “Pitt hassahanasy” ýeňiş gazandy. Taslamada baş keşbi ýerine ýeitren Noa Uaýli iň gowy drama aktýory hökmünde baýraga mynasyp boldy. 15 bölümden ybarat serialyň sýužeti Pittsburgyň toslanyp tapylan hassahanasynyň gaýragoýulmasyz kömek bölüminde bolup geçýär.
“Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa” kategoriýasynda baýragy dört bölümden ybarat “Ýetginjeklik döwri” dramasy aldy. 15 ýaşly aktýor Ouen Kuper mini-serialda ikinji plandaky iň gowy aktýor hökmünde sylaglandy. Ol baýragyň taryhynda iň ýaş laureat boldy.
Mundan başga-da, “Pingwin” dokuz, “Bölüniş” sekiz baýrak aldy.
Beýleki kategoriýalarda ýeňijiler:

  • ·iň gowy drama aktrisasy – Britt Lauer (“Bölüniş” / Разделение);
  • ·iň gowy komediýa aktrisasy – Jin Smart (“Hileler” / Хитрости);
  • ·ikinji plandaky iň gowy drama aktrisasy – Ketrin Lanasa (“Pitt hassahanasy” / Больница Питт);
  • ·ikinji plandaky iň gowy drama aktýory – Tremell Tillman (“Bölüniş”);
  • ·iň gowy tok-şou – “Stiwen Kolber bilen giçki şüweleň” (The Late Show with Stephen Colbert).

Laureatlaryň doly sanawy baýragyň saýtynda ýerleşdirildi. 


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......