Dünýäde 100 ýaşa ýeten her 6-njy adam Ýaponiýada ýaşaýar: bu ýerde olaryň sany tas 100 müň

  • 15.09.2025 12:46
  • 12k+

Ýaponiýada 100 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 100 müňe golaýlady. Bu barada Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, NHK teleradiokompaniýasy habar berdi.

Soňky bir ýylda ýüz ýaşly ýaponiýalylaryň sany 4644 adam artdy, bu hem soňky 55 ýylda iň ýokary artyş boldy. Häzirki wagtda 100 ýaşyny bellän 99 763 pensioner hasaba alyndy. Olardan 87 784-üsi – aýal, 11 979-ysy – erkek. Aýallar ýurduň garry raýatlarynyň 88%-ini düzýär.


Ýaponiýada iň garry adam 1911-nji ýylda doglan 114 ýaşly Sigeko Kagawa hasaplanýar. Bu aýal Nara prefekturasynyň Ýamatokoriýama şäherinde ýaşaýar. Iň garry erkek adam – Sidzuoka prefekturasynyň Iwata şäherinden 111 ýaşly Midzuno Kiesi Takadyr.


BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde 100 we ondan uly ýaşly 630 müň töweregi adam bar. Bu Ýer ýüzünde her altynjy ýüz ýaşly adamyň diýen ýaly ýapondygyny aňladýar.
Alymlar XX asyrda ýetilen ömür dowamlylygynyň görlüp-eşidilmedik ösüşiniň soňky ýyllarda ep-esli haýallandygyny belleýär. Olaryň çaklamalaryna görä, 2000-nji ýyldan öň doglan hiç bir nesil ortaça 100 ýaşa ýetip bilmez.


08.05.2026 11:49
5.4k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......

30.04.2026 18:37
1.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

28.04.2026 14:27
6.7k+

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......

17.04.2026 16:25
3.8k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......