Watikanda meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda ilkinji pop-konsert geçirildi

  • 16.09.2025 20:36
  • 5.1k+

12-13-nji sentýabrda Watikanda dünýäniň ähli ýerinden akyldarlaryň, şol sanda Nobel baýragynyň eýeleriniň gatnaşmagynda “adamzat doganlygy” sammiti geçirildi. Sammit gutarandan soň Keramatly Pýotryň meýdanynda Watikanyň taryhynda ilkinji Grace for the World pop-konserti geçirildi.

Konsertiň hedlaýneri we guramaçylaryň biri Farrell Uilýams boldy, ol özüniň meşhur Happy aýdymyny ýerine ýetirdi. Konsert Disney+, Hulu we ABC News Live ýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi. Konsertde Jon Lejend, italýan tenory Andrea Boçelli, Teddi Swims, Karol G, Got7, Jennifer Hadson, Jelli Roll we hip-hop dueti Clipse (No Malice we Pusha T) hem çykyş etdi.
Şüweleň wagty 3500 sany yşyk drony ulanyldy, olar asmanda 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde aradan çykan papa Fransiskiň portretini, parahatlyk kepderisini we Mikelanjelonyň “Adam atanyň ýaradylyşy” suratyndan bir bölegi şekillendirdi.
Sammitde adamzadyň geljegi we emeli aňyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşma gatnaşanlaryň arasynda Jeffri Hinton, Maks Tegmark, Himena Sofiýa, Wiweros Alwares, Marko Trombetti bardy. Şeýle-de, gatnaşyjylaryň arasynda Black Eyed Peas toparynyň frontmeni, repçi Will.i.am hem bar. Ol 2012-nji ýyldan bäri neýroulgamlar bilen meşgullanýar we FYI.AI tehnologiýa kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Ol Watikanyň EA-ny we jemgyýetiň bähbidine tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin “howpsuz mesgene” öwrülendigini belledi. 

şu gün 11:17
2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
621

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......