Gucci we Balenciaga-nyň müşderileriniň şahsy maglumatlary hakerleriň eline düşdi

  • 18.09.2025 13:39
  • 4.6k+

Hakerler Balenciaga, Gucci we Alexander McQueen brendleriniň müşderileriniň şahsy maglumatlaryny ogurlady. Bu barada hakerleriň özünden maglumat alan Bi-bi-si habar berdi. Bu brendlere eýeçilik edýän Kering korporasiýasy hem ogurlygy tassyklady.

Kompaniýa näçe ulanyjynyň zyýan çekendigini aýtmady. Bi-bi-siniň maglumatlaryna görä, gürrüň millionlarça müşderi barada bolup biler. Hakerler atlara, elektron poçta salgylaryna, telefon belgilere we satyn alyş mukdaryna elýeterli boldy. Şol bir wagtyň özünde, Kering bank kartlarynyň maglumatlarynyň we başga maliýe maglumatlarynyň ogurlanmandygyny aýtdy.
Habar berlişi ýaly, hüjümiň aňyrsynda ShinyHunters atly haker ýa-da topar durýar. Kiberhüjümçiler 7,4 mln elektron poçta salgysyna elýeterli bolandygyny habar berýär. Olar barlamak üçin žurnalistlere ogurlanan maglumatlardan birnäçe mysallary berdi.
ShinyHunters hüjümiň aprel aýynda bolandygyny aýtdy. Iýunda olar Kering bilen habarlaşyp, töleg talap etdi, ýöne kompaniýa tölemekden ýüz öwürdi. Korporasiýa hüjüm barada iýunda bilendigini tassyklady.
Ozal aprelde Cartier we Louis Vuitton ýaly lýuks brendler hem birnäçe kiberhüjüme sezewar boldy. Häzirki wagtda olaryň ShinyHunters-iň hereketi bilen baglanyşyklydygy ýa-da ýokdugy belli däl.


19.02.2026 12:42
1.8k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...