Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

  • 17.01.2026 22:33
  • 3.4k+

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler zerarly nauşnigi dakan adamyň töweregindäkileriň hem oňa çatylyp bilýändikleri, şeýlelikde olarda birugsat diňlemek, gelýän jaňlary tutmak we eýesiniň geolokasiýasyny yzarlamak ýaly mümkinçilikleriň döreýändigi belli boldy.

Google simsiz nauşnikleri, garniturlary we dinamikleri Android we ChromeOS enjamlaryna birikdirmek prosesini çaltlaşdyrmak üçin Fast Pair protokolyny işläp düzdi. Barlagçylar 10 sany esasy brendiň, ýagny Sony, JBL, Jabra, Marshall, Xiaomi, Nothing, OnePlus, Soundcore, Logitech we şeýle-de Google-yň gajetleriniň 17 modelinde şeýle näsazlygyň bardygy hakyndaky maglumatlary hödürleýärler.
Nauşniklerdäki WhisperPair diýlip atlandyrylan bu hüjüm 15 sekuntyň dowamynda 15 metre çenli aralykda amala aşyrylyp bilner. Ony ýerine ýetirmek üçin hakere diňe açyk API arkaly elýeterli bolan enjamyň ID modeli gerek.
Fast Pair-i hiç haçan ulanmasaň-da, öçürip bolmaýar. Ony zawod sazlamalaryna täzeden girizmek bolsa, hüjümçiniň operasiýany gaýtalamagyna şert döredýär.
Bilermenler, hatda iPhone ulanyjylaryň hem, eger aksessuarlary standarta laýyk bolsa, haker hüjümine sezewar boljakdygyny anykladylar. Raspberry Pi 4 kompýuterini ulanmak arkaly geçirilen synaglar 25 sany biri-birine  çatylan enjamyň köpüsini üstünlikli haker hüjümine sezewar etdi.
Google geçen awgust aýynda bu mesele barada habardar edilip, programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarsa-da, köp ulanyjylar ses enjamlaryny täzelemek endikleriniň ýoklugy sebäpli howp astynda galýarlar.
Barlagçylar enjama şifrlemäni ornaşdyrsaň hem tassyklanmasyz gaýta çatylmagy bloklasaň meseläni çözüp boljakdygyny nygtaýarlar.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....