Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

  • 07.05.2026 11:00
  • 1.5k+

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady.

Filmiň ssenariýasy Kwentin Tarantinonyň 2014-nji ýylda Mett Wagner bilen bilelikde ýazan ýedi sany komiks seriýasyna esaslanýar. Taslamanyň edebi esasyny ýazmak «Losi-Anjelesiň syrlary» («Секреты Лос-Анджелеса») we «Syrly derýa» («Таинственная река») ýaly filmleri bilen tanalýan «Oskar» baýragynyň eýesi Braýan Helgelende ynanyldy.

Filmiň wakalaryna görä, hakyna baş kesmekde tanalýan Jango rowaýaty Zorrolaryň ilkinjisi – Don Diego de la Wega bilen duşuşýar. Tarantino bu taslamanyň başlanmagyna özüniň şahsy rugsadyny berse-de, režissýorlyk etjege meňzemeýär. Täze kino baradaky gürrüňler baryp, 2019-njy ýylda başlapdy. Ýöne pandemiýa sebäpli işler togtadylmaly boldy. Häzir bolsa hukuk meseleleri çözülenden soň, Sony önümçilige gaýdyp geldi.

Şol bir wagtyň özünde, Tarantinonyň dünýäsine degişli ýene bir taslama – «Bir wagtlar... Holliwudda» («Однажды... в Голливуде» ) filminiň «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» («Приключения Клиффа Бута») atly spin-offy hem taýýarlanylýar. Bu filmi Dewid Finçer «Netflix» üçin surata düşürýär.


şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....