"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar.
Bu wirusyň iň gorkuly tarapy, onuň enjama sarp ediji tarapyndan satyn alynmazyndan öň ýerleşdirilmegidir. Zyýanly kod enjam öndürilýän wagty ýa-da ýygnalýan pursadynda ulgamyň düýp gurluşyna (proşiwka) ornaşdyrylýar. Wirus özüni ulgamyň kanuny we möhüm bölegi hökmünde görkezýär, bu bolsa ony adaty usullar bilen tapmagy kynlaşdyrýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, wirus programma üpjünçiligi döredilende ulanylýan nätanyş kodlar, enjamlary ýygnaýan zawodlardaky howpsuzlyk boşluklary ýaly ýollar arkaly enjamlara düşüp bilýär.
Keenadu wirusy diňe bir mahabat däl, eýsem uly kiberjenaýat guralydyr:
Zäherlenen enjamlar "bot" hökmünde ulanylyp, fon tertibinde mahabatlara awtomatiki basylmagyny üpjün edýär we jenaýatçylara girdeji getirýär.
Wirusyň käbir görnüşleri enjamy doly ele geçirmäge, gizlin maglumatlary ogurlamaga we islendik APK faýlyny birugsat gurnamaga ukyplydyr.