«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy

  • 10.12.2025 15:41
  • 3.1k+

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär.

Gözleglere görä, love sözi parollarda iň köp ulanylýan söz, 12345 bolsa iň meşhur san kombinasiýasy boldy.
Şeýle-de, hünärmenler ähli syzan parollaryň 10%-iniň sözleri däl-de, 1990-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli senelere meňzeş sanlary saklaýandygyny anyklady. Love sözünden başga-da, ulanyjylar ýurtlaryň atlaryny we şahsy atlary köp ulanýar.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl NordPass-yň maglumatlaryna görä, iň meşhur parol «123456» boldy. Giňden ýaýran kombinasiýalaryň onlugyna «1234566789», «123456678», «password», «qwerty123», «11111», «secret» we «123123» girdi. Bellenilişi ýaly, bu parollaryň islendik birini döwmek bir sekuntdan az wagt alýar.
Ygtybarly parol döretmek üçin bilermenler sanlaryň, setir we baş harplaryň, şeýle-de ýörite belgileriň we transliterasiýalaryň utgaşmasyny ulanmagy maslahat berýär. Belgiler azyndan 12 sany bolmaly. Bellenilişi ýaly, 18 dürli belgiden ybarat kody döwmek üçin ýüzlerçe trillion ýyl, 7-10 belgiden ybarat bir görnüşli paroly döwmek üçin bolsa bir sekuntdan az wagt gerek. 


19.02.2026 12:42
1.8k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...