Team Falcons topary Dota 2 boýunça ýaryşda ýeňiji bolup, $1 mln gazandy

  • 16.09.2025 13:50
  • 4.8k+

Team Falcons topary Dota 2 oýny boýunça The International 2025 ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýaryş Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirildi.

Grand-finalda topar bäş kartanyň netijesi boýunça Xtreme Gaming hytaý toparyny 3:2 hasabynda utdy.
Team Falcons Saud Arabystanynda ýerleşýär, onuň düzüminde Slowakiýadan, Iordaniýadan, Daniýadan, Russiýadan we ABŞ-dan oýunçylar çykyş edýär. Bu toparyň The International ýaryşynda ilkinji tituly boldy we ýeňiş oňa 1,1 mln dollar getirdi.
Xtreme Gaming, takmynan, 347 müň dollar aldy. Üçünji orny PARIVISION topary (Russiýa) eýeledi (240 müň dollar).
Geçen ýylky çempion Team Liquid ýaryşyň pleý-offuna çykyp bilmedi.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......