Indi Microsoft Store-da mugt programmalary hasaba alyş üçin tölemezden ýerleşdirip bolýar

  • 14.09.2025 21:06
  • 1.1k+

Microsoft işläp düzüjiler üçin hasaba alyş tölegini ýatyrdy. Bu indi Microsoft Store-da mugt programmalary maliýe çykdajysyz ýerleşdirip bolýandygyny aňladýar.

Ozal programmanyň özi mugt bolsa-da, akkaunt açmak üçin töleg tölemeli bolýardy: şahsy akkauntyň bahasy 19 dollar, korporatiw – 99 dollardy. Indi öz programmalarynyň üsti bilen pul gazanmagy meýilleşdirmeýän işläp düzüjiler üçin bu çäklendirmeler ýatyryldy.
Bu çözgüt öz pikirlerini synagdan geçirmek ýa-da peýdaly gurallar bilen paýlaşmak isleýän talyplar, höwesjeňler we open-source jemgyýeti üçin aýratyn möhümdir. Microsoft üýtgeşmeleriň eýýäm güýje girendigini we täjirçilik işi göz öňünde tutulmaýan bolsa, täze akkauntlaryň mugt döredilip bilinjekdigini habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, programmada satyn almak, ýazylyşyk ýa-da satuw arkaly gazanmak isleýänler üçin hasaba alyş tölegi saklanýar. Şeýle çemeleşme Microsoft-a platformanyň täjirçilik bölegini gözegçilikde saklamaga we bir wagtyň özünde täjirçilik däl ösüşi goldamaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň bu ädimi işläp düzüjilere uly erkinlik berýän açyk Windows ekoulgamyny goldamagyň has giň strategiýasyny görkezýär. Şeýle-de, bu garaşsyz döredijiler tarapyndan täze programmalaryň köpelmegine ýardam edip biler.
Microsoft Store 2012-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda işe girizildi. Ýöne Apple-iň we Google-yň dükanlaryndan tapawutlylykda, ol giň meşhurlyga eýe bolup bilmedi, köp işläp düzüjiler programmalary öz saýtlarynda ýerleşdirmegi dowam etdirýär. 
Nädip hasaba alynmaly we programmany ýerleşdirmeli:

  1. https://storedeveloper.microsoft.com/home sahypasynda öz Microsoft akkauntyňyz bilen girip, hasaba alnyň.
  2. Kompýuterden hasaba alnanyňyzda QR kod arkaly telefonda dowam etdirmeli bolar. Telefonuň kamerasy tassyklaýyş resminamasyny (ID-kart ýa-da sürüjilik şahadatnamasy) we ýüzi surata almak üçin ulanylýar. Interfeýs her bir ädimi görkezýär.
  3. Kompýutere dolanyp geleniňden soň, algoritmler resminamany kesgitläp, maglumatlaryň bir bölegini doldurar. Soňra e-mail, telefon, salgy we nikneým goşmak galýar. Şondan soň hasaba alyş tamamlanýar we programmany ýüklemek bolýar. 

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...