Iň geçginli 10 smartfonyň bäşisi iPhone, dört sanysy Galaxy we birisi Xiaomi boldy

  • 18.09.2025 10:10
  • 4.3k+

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Counterpoint analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň geçginli on smartfonyň sanawyna bäş sany Apple modeli, dört sany Samsung modeli we bir sany Xiaomi bar.

Esasy iPhone 16 ikinji we üçünji orny eýelän iPhone 16 Pro Max-dan we iPhone 16 Pro-dan ozup, yzly-yzyna iki çärýek öňdebaryjy boldy. Sanawa täze goşulan iPhone 16e, Ýaponiýada we ABŞ-da köp satylmagy bilen bagly, derrew altynjy orna çykdy. Baryp 2023-nji ýylda çykan iPhone 15 onunjy ornuny saklap galdy.
Samsung ilkinji onlukda dört orny eýeledi. Kompaniýanyň iň meşhur modeli dördünji orny eýelän Galaxy A16 5G boldy. Ondan soň býujet bahaly Galaxy A06 4G (bäşinji ýer), Galaxy A16 4G (ýedinji ýer) we flagman Galaxy S25 Ultra (sekizinji ýer) gelýär. Soňkysynyň satuwy işjeň marketingiň we döredijilikli emeli aň funksiýalaryna gyzyklanmanyň hasabyna artdy.
Xiaomi-niň sanawdaky ýeke-täk smartfony dokuzynjy orny eýelän Redmi 14C 4G boldy. Oňa Latyn Amerikasynda, Ýakyn Gündogarda we Afrikada isleg bildirilýär. Öňki çärýekde bu model sekizinji orunda bolupdy.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......