Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy

  • 15.09.2025 12:54
  • 8.7k+

Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär.

Bu ýol uly pişikleriň arasynda häzire çenli hasaba alnan iň uzyn ýüzüş boldy. Alymlaryň pikiriçe, ýaguar aralyk adalarda säginmezden hereket eden bolsa, tas iki esse uly aralygy – takmynan, 2,3 km geçip bilerdi.

“Biziň pikirimizçe, bu pişik ýoldaky kiçijik adany basgançak hökmünde ulanan bolmaly” – diýip, Braziliýada Ýaguarlary goramak gaznasyndan Leandro Silweýra belleýär.

Belli bolşy ýaly, bu ýyrtyjylar gowy ýüzýär we hatda suwly ýerlerde kaýmanlary awlaýar. Ýöne ozal ýaguarlaryň 200 metrden gowrak aralygy ýüzüp geçen ýagdaýlary hasaba alynmandy.
Ýyrtyjyny tüýüniň üýtgeşik nagyşlarynyň kömegi bilen tanamak mümkin boldy. Kameralar ony 2020-nji ýylyň maýynda materikde hasaba aldy, 2024-nji ýylyň awgustynda bolsa ol adada göründi.
Ýöne ýyrtyjy üçin şeýle uzak aralyga ýüzmäge nämäniň sebäp bolandygy näbelli bolup galýar. Silweýranyň bellemegine görä, adada ony özüne çeker ýaly üýtgeşik aw hem ýok.
Hasaba alnan netije beýleki uly pişikleriň üstünliklerini täzeleýär. Mysal üçin, pumalar Waşingtonyň kenaryndaky Skuaksin adasyna çenli 1,1 km, Ugandadaky ýolbarslar bolsa 1-1,5 km çenli aralygy geçdi.
Alymlar ýaguarlar has uzak aralyklara ýüzüp biler diýip hasaplaýar. Kenardan 5 km-den gowrak uzaklykda ýerleşýän Maraka-Žipioka adalaryndaky populýasiýa, ähtimal, şeýle göçüşler arkaly materikdäki kowum-garyndaşlary bilen genetiki alyş-çalşygy saklaýan bolsa gerek.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......