Aşgabatda "Zümerret zergärçilik önümleri" binasynda abatlaýyş işleri geçiriler

  • 15.09.2025 11:43
  • 4k+

Türkmenistanyň Merkezi banky «Zümerret zergärçilik önümleri» zergärçilik dükanynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bina Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen habara görä, binanyň mermer örtüklerini täzelemek we posdan zeper ýeten beton böleklerini dikeltmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, binanyň golaýyndaky ýerleriň daş örtüklerinde hem abatlaýyş işleri alnyp barlar.
Gyzyklanýan taraplar goşmaça maglumatlary Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 36 salgysyndan alyp bilerler.
Soraglar üçin telefonlar: (+993-12) 38-10-27, 38-15-25, 38-14-25.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....