Ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen barada detektiw serial düşüriler

  • 18.09.2025 13:44
  • 1.3k+

Tanymal daniýaly ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen “Ertekiçi detektiw” serialynyň baş gahrymany bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

“Betnyşan ördejik” we “Külbikejik” ertekileriniň awtorynyň keşbini aktýor Dugreý Skott ýerine ýetirer. Taslamanyň ssenarisini Brendan Foli ýazdy, önümçilik bilen Omega Global Media kompaniýasy meşgullanar.
Serialyň wakasy 1850-nji ýyllarda Kopengagende ýaýbaňlanýar. Sýužet boýunça bir sagat dowam edýän her bölümde Andersen öz ertekileriniň janlanan gahrymanlary bilen bilelikde jenaýatlary derňär we şonuň bilen bir wagtda aýdymçy Jenni Lindiň razylygyny almaga synanyşar.
Skott we Foli ozal CW-niň “Şerlok we gyzy” taslamasynda hyzmatdaşlyk etdi we şonda aktýor professor Moriartiniň keşbini ýerine ýetirdi. Häzir olar birnäçe halkara taslamalarynyň üstünde işleýär. Olar “Ertekiçi detektiwde” ýerine ýetiriji prodýuserler hökmünde-de çykyş eder.

“Hans Kristian Andersen – tragiki-komiki şahsyýet, ähtimal, autizmden ejir çekýän bolup biler. Ýazyjynyň ýeke-täk emosional tesellisi – bu onuň toslama gahrymanlary. Jenaýatlary derňemek oňa özüne ynamy ýokarlandyrmaga, daşky dünýä düşünmäge we onuň bilen aragatnaşyk gurmaga kömek edýär. Meniň üçin onuň durmuşynyň we häsiýetiniň bu taraplaryny öwrenmek örän gyzykly we biz serial tomaşaçylar üçin täze açyş bolar diýip umyt edýäris” – diýip, Skott aýtdy.

Premýeranyň senesi we aktýorlar düzümi entek yglan edilmedi. 


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......