Günorta Afrika Respublikasynda adamsyna aýalynyň familiýasyna geçmäge rugsat berildi

  • 18.09.2025 10:44
  • 5.2k+

Günorta Afrikanyň kazyýeti adamsyna aýalynyň familiýasyny almagy gadagan edýän kanuny ýatyrdy diýip, BBC neşiri habar berýär.

Bu kanuna täzeden garalmagyna iki är-aýalyň talap arzalary sebäp boldy. Genri wan der Merwe aýaly Ýana Ýordanyň familiýasyny almak isledi, Andreas Bornman bolsa familiýasyny aýaly Jess Donneliniň familiýasynyň bir bölegini öz içine alýan goşa familiýa üýtgetmek isledi.
Kazyýet jedel döreden kanuny köne "kolonial miras" we patriarhal galyndy diýip ykrar etdi. Bu kararyň Günorta Afrikanyň 1994-nji ýyldaky konstitusiýasynda göz öňünde tutulan deňlik ýörelgelerini bozýandygyny nygtady.
Şeýle hem kazylar afrikan medeniýetleriniň köpüsinde hut aýallaryň öz familiýalaryny saklandygyny we olary üýtgetmek tejribesiniň Ýewropanyň kolonial täsiri bilen baglanyşyklydygyny bellediler.
Kararyň güýje girmegi üçin Günorta Afrikanyň Parlamenti Dogluşy we aradan çykyşy hasaba alyş kanunyna üýtgetmeleri girizmeli. Ýurduň Içeri işler we Adalat ministrlikleri häzirki hereket edýän düzgünleriň könelendigi we täzelenmelidigi bilen ylalaşdy.


20.09.2025 18:04
4.2k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

27.08.2025 14:16
12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär...

18.03.2025 07:47
5.1k+

Dinozawrlar 140 million ýyl ozal Keýptaunyň töwereklerinde yz galdyrypdyrlar

Günorta Afrikanyň Günbatar-Kap prowinsiýasynda dinozawrlaryň 140 million ýyllyk yzlary tapyldy. Bular bu sebitden tapylan ilkinji şuňa meňzeş tapyndydyr we yklymyň günortasynda dinozawrlaryň iň "ýaş" yzlarydyr...

17.10.2024 16:17
32k+

Afrikadaky goraghanada “Şa ýolbars” multfilminden hakyky Timon we Pumba tapyldy

Günorta Afrikada ýerleşýän Namibiýanyň goraghanasynda iki sany haýwan dostlaşdy: ýabany doňuz Betsi we surikat Jerri. Bu haýwanlar derrew internet torunda ýaýrap, ulanyjylara “Şa ýolbars” multfilminiň gahrymanlary...