Afrika pingwinleriniň sany 95% azaldy: 2036-njy ýyla çenli olar ýok bolup biler

  • 15.12.2025 11:34
  • 6.3k+

Afrikadaky pingwinleriň ýeke-täk görnüşi Günorta Afrikanyň kenarýaka suwlarynda balyklaryň düýpli azalmagy sebäpli ýok bolmagyň bärsine bardy. Häzirki ýagdaý saklansa, bu görnüş 2036-njy ýyla çenli ýok bolup biler.

Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Tokaý we balykçylyk, daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Beýik Britaniýanyň Ekseter uniwersitetiniň bilelikdäki hasabatynda habar berilýär.
Soňky otuz ýylyň dowamynda Afrika pingwinleriniň sany 95% azaldy.
Esasy sebäp hökmünde pingwinleriň iýmitiniň esasy bölegini düzýän sardinalaryň we ançouslaryň sanynyň azalmagyndan döreýän açlyk görkezildi. Doly öwrenilmedik sebäplere görä, bu balyklar guşlaryň höwürtgeleri ýerleşýän GAR-yň we Namibiýanyň kenarýaka käbir sebitlerini terk etdiler. 2004-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda diňe GAR-da ýeterlik iýmitiň ýoklugy sebäpli 60 müňden gowrak jandar öldi.
Günorta Afrikanyň hökümete degişli bolmadyk "BirdLife South Africa" atly daşky gurşawy goraýyş guramasynyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Afrika yklymynyň tebigatynda takmynan 20 müň pingwin ýaşaýar. Uly guş 2,2-3,5 kg agramynda bolup, beýikligi 70 sm ýetýär we iýmit gözleginde 120 km-e çenli ýüzüp bilýär.
Pingwinleriň esasy tebigy duşmanlary akulalar, deňiz pişikleri, uly maýmynlar, şeýle hem çagalary awlaýan çarlaklardyr.


21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

08.05.2026 15:01
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......