Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

  • 20.05.2026 12:56
  • 2.6k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan şäherinde geçirilen resmi däl sammitinde öňe sürüldi.

Mirziýoewiň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi döwletlerden özara utgaşykly hereket etmegi talap edýär. Ol guramanyň ýanynda hemra maglumatlaryna esaslanýan klimat töwekgelçiliklerine gözegçilik ediş ulgamyny döretmegi teklip etdi.

Gurakçylygy irki döwürde anyklamak, topragyň şorlaşmagyny we buzluklaryň eremegini yzygiderli synlamak, şeýle hem serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy.

Şenbe güni Mirziýoew Merkezi Aziýanyň Daşkentdäki Daşky gurşawy we howanyň üýtgeýşini öwreniş uniwersitetiniň 2026–2027-nji okuw ýyly üçin türki döwletleriň ýaşlaryna jemi 50 sany grant bölüp berendigini hem habar berdi.

Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidenti ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek baradaky ylalaşygy iş ýüzünde amala aşyrmaga we maglumat alyş-çalşygyny bütinleý sanly ulgama geçirmäge çagyrdy we: «Bu çäre bütin logistika zynjyry boýunça maglumatlary tiz ibermäge, ýükleri yzarlamaga we işleri utgaşykly guramaga mümkinçilik berer» diýip, teklibiniň düýp maksadyny düşündirdi.


07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.9k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

01.06.2026 14:04
3.2k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......