Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

  • 27.08.2025 14:16
  • 12k+

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär. Bu barada Associated Press habar berýär.

Witwatersrand uniwersitetiniň alymlarynyň habar bermegine görä, kontrabandaçylar şahlary serhetden geçirmäge synanyşan ýagdaýynda, gümrük işgärleri radiasiýa detektorlaryny ulanyp, hatda ýükden doldurylan konteýnerlerde-de olary aňsatlyk bilen ýüze çykaryp bilerler.
Taslama başlamazdan ozal, 2024-nji ýylda hünärmenler 20 haýwanda synag geçirip, bu usulyň kerklere zyýan bermeýändigini anyklady. 2025-nji ýylyň tomsunda bu tejribe ýene-de bäş kerkde gaýtadan synag edildi.
Bu taslama eýýäm alymlar, ýadro energetikasy boýunça bilermenler we tebigaty goraýyş guramalary goşuldylar. Olar hususy goraghanalary we Günorta Afrikanyň döwlet edaralaryny bu başlangyjy goldamaga çagyrýarlar.
Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň berýän maglumatlaryna  görä, XX asyryň başynda dünýäde, takmynan, 500 müň kerk bardy. 2025-nji ýyla çenli olaryň sany 27 müňe çenli azaldy.
Kerkleriň bäş görnüşi hem diňe Afrikanyň we Aziýanyň käbir sebitlerinde duş gelýär. Populýasiýanyň agramly bölegi - takmynan 16 müň sanysy Günorta Afrikada jemlenendir. Şol bir wagtyň özünde ýurtda olary bikanun awlamagyň derejesi ýokary: şahy üçin her ýyl haýwanlaryň 500 töweregi öldürilýär.


20.09.2025 18:04
4.2k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

18.09.2025 10:44
5.2k+

Günorta Afrika Respublikasynda adamsyna aýalynyň familiýasyna geçmäge rugsat berildi

Günorta Afrikanyň kazyýeti adamsyna aýalynyň familiýasyny almagy gadagan edýän kanuny ýatyrdy diýip, BBC neşiri habar berýär. Bu kanuna täzeden garalmagyna iki är-aýalyň talap arzalary sebäp boldy. Genri wan der Merwe aýaly Ýana Ýordanyň familiýasyny almak isledi, Andreas Bornman bolsa familiýasyny aýaly Jess Donneliniň familiýasynyň bir bölegini öz içine alýan goşa familiýa üýtgetmek isledi...

18.03.2025 07:47
5.1k+

Dinozawrlar 140 million ýyl ozal Keýptaunyň töwereklerinde yz galdyrypdyrlar

Günorta Afrikanyň Günbatar-Kap prowinsiýasynda dinozawrlaryň 140 million ýyllyk yzlary tapyldy. Bular bu sebitden tapylan ilkinji şuňa meňzeş tapyndydyr we yklymyň günortasynda dinozawrlaryň iň "ýaş" yzlarydyr...

17.10.2024 16:17
32k+

Afrikadaky goraghanada “Şa ýolbars” multfilminden hakyky Timon we Pumba tapyldy

Günorta Afrikada ýerleşýän Namibiýanyň goraghanasynda iki sany haýwan dostlaşdy: ýabany doňuz Betsi we surikat Jerri. Bu haýwanlar derrew internet torunda ýaýrap, ulanyjylara “Şa ýolbars” multfilminiň gahrymanlary...