Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

  • 20.09.2025 18:04
  • 4.4k+

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär.

Taslama Uberiň Gündogar Afrikada işläp başlamagynyň 10 ýyllygyna gabatlanmak bilen, içerki syýahatçylygy ösdürmeklige gönükdirilen, şeýle hem gysga wagtlyk iş sapary wagtynda afrikanyň haýwanlaryny görmek isleýän işewür syýahatçylary özüne çekmegi maksat edinýär.
Programmany ulanyp, takmynan üç sagat dowam edýän gündizki ýa-da gijeki safari-gezelençleri öňünden bronlap biolýar. Syýahatçylar ýolbarslary, kerkleri, öküzleri we gaplaňlary synlamaga mümkinçilik alarlar.
Uber täze hyzmatyň ýerli ýolbeletler we eýýäm safari gezelençlerini gurap ugran  awtoulag eýeleri üçin goşmaça girdeji gazanmak mümkinçiliklerini döredýändigini belleýär.
Keniýanyň ykdysadyýetinde syýahatçylyk möhüm orun tutýar, ol jemi içerki önümiň 10,4%-ini we iş ýerleriniň 5,5% -ini üpjün edýär. 2023-nji ýylda Uberiň ýurduň ykdysadyýetine goşan goşandy 14,1 milliard keniýa şillingi (ABŞ-nyň 109 million dollary) boldy, onuň takmynan 20 göterimi syýahatçylyk pudagyndan geldi.


25.05.2026 16:10
1.9k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......