Xiaomi iPhone bilen bäsleşmek üçin 16-njy seriýanyň üstünden böküp, Xiaomi 17-ni çykarar

  • 17.09.2025 09:46
  • 6.8k+

Xiaomi kompaniýasy şu aý täze flagman smartfonlary bolan Xiaomi 17 Pro-ny we Xiaomi 17 Pro Max-y hödürlär. Öndüriji garaşylýan Xiaomi 16 modelini çykarmagyň ýerine, nomerini üýtgetmek we enjamlary iPhone 17 bilen deň bolar ýaly göni 17-nji seriýa geçmek kararyna geldi diýip, Bloomberg ýazýar.

Xiaomi-niň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Leý Szýun kompaniýanyň önümleriniň premium segmentde öňden bäri çelgi hasaplanýan Apple smartfonlary bilen deňleşmegini isleýändigini aýtdy.

"Biz iň uly bäsdeşimizden öwrenmek üçin bäş ýyl mundan ozal premializasiýa strategiýasyny durmuşa geçirip başladyk. Apple deňsiz-taýsyz bolmagynda galýar. Emma biz bu bäsdeşlige hötde gelip biljekdigimize doly ynanýarys" diýip, Xiaomi-niň prezidenti Lýu Weýbin Weibo sosial torunda ýazdy.

Xiaomi dürli ugurlarda - smartfonlardan we noutbuklardan başlap, hojalyk tehnikalaryna we elektrik awtoulaglaryna çenli önümçiligi ösdürmegi dowam etdirýär. Awtoulag biznesiniň ýola goýulmagy maýadarlaryň gyzyklanmasyny hasam artdyrdy we kompaniýanyň Gonkong biržasyndaky paýlary üç esse diýen ýaly artdy. Bu aralykda, Apple birnäçe ýyllap öz awtoulaglaryny işläp taýýarlamakdan ýüz öwürdi.
Kupertino kompaniýasy geçen hepde iPhone 17 -ni satuwa çykardy we setiriň satuwy 19-njy sentýabrda başlar. Bloomberg-iň salgylanýan Counterpoint Research-niň habaryna görä, Apple bahasy 600 dollardan ýokary bolan smartfonlar üçin dünýä bazarynyň 62 göterimine gözegçilik edýär, Xiaomi-iň bu segmentdäki paýy bolsa az bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, Hytaý kompaniýasynyň premium modelleriniň satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda 55% ösdi.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...