Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln

  • 15.09.2025 16:55
  • 7.9k+

Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär.

Jeýms Bonduň meşhurlygy Flemingiň kitaplary üstünlikli ekranlaşdyrylandan soň ýokarlanyp başlady. “Bondiana” adyny alan kinofranşiza kino taryhynda iň dowamly filmleriň biri hasaplanýar: 1962-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda 25 film çykdy.
Gadymy jaý Londonyň günbataryndaky Çelsi sebitiniň Wellington-Skwer meýdançasynda ýerleşýär. Bond baradaky romanlara görä, agent hut şu ýerde jaýy kärendesine alypdyr. Jaý ikinji derejeli binagärlik ýadygärligi diýlip ykrar edildi, bu hem onuň aýratyn binagärlik we taryhy ähmiýetini tassyklaýar.
Bäş gatly jaýyň umumy meýdany 241,5 inedördül metre barabar. Onda bäş ýatylýan otag, alty wanna otagy, birnäçe myhmanhana otagy, naharhana we üçekde açyk eýwan bar.
Jaýyň fasady iki reňkde ýerine ýetirildi: ak suwag edilen diwarlar gara elementler bilen utgaşýar. Uly gadymy penjireler baglyga we çüwdürime tarap görnüş berýär.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......