Kaka etrabynyň täze obasynda ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi

  • 18.09.2025 11:50
  • 6.6k+

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýer “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär.

Obadaky täze orta mekdepde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdepde döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermek üçin zerur şertler bar.
Täze obadaky döwrebap saglyk öýi hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmançylyk tehnikalary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary döwrebap obanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. 


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......