3.1k+

ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder

ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi. Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler...

6.7k+

Jon Uik baradaky filmleri dörediji “Calexit” komiksini ekranlaşdyrar

Jon Uik baradaky filmler bilen tanalýan amerikaly režissýor Çad Stahelski “Calexit” komiksi boýunça doly metražly film düşürer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ssenarini Black Mask Studios-yň prezidenti Matteo Pissolo ýazar, prodýuserler hökmünde Aleks Ýang, 87Eleven Entertainment-den Jeýson Spits, şeýle-de Pissolo, Brett Gurewis we Braýan Giberson çykyş eder...

15k+

Italiýada etrusklaryň saç üçin halkalary bolan 2600 ýyllyk el degrilmedik mazary tapyldy

Beýlor uniwersitetinden Dawid Zoriýanyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar topary Italiýada etrusklaryň (b.e. öňki I müňýyllykda ýaşan gadymy medeniýet) 2600 ýyllyk el degrilmedik mazaryny tapdy. Rimden 70 km uzaklykda ýerleşýän bu tapyndy Gadymy Rimiň döremezinden öňki taryhy öwrenmek üçin iň möhüm maglumatlaryň biri hasaplanýar diýip, uniwersitetiň resmi saýty habar berýär...

5.5k+

Hytaýda öz işinden ýadan adamlar üçin klinika açyldy

Hytaýyň Sinhuandao şäherindäki adaty hytaý we günbatar lukmançylyk hassahanasynda argynlykdan ejir çekýän adamlar üçin "Dislike Going to Work Clinic" ady bilen klinika açyldy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär...

2.8k+

Netflix meşhur “Uensdeý” serialyny üçünji möwsüme uzaltdy

Netflix platformasynyň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serial “Uensdeý” üçünji möwsüme uzaldyldy. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berildi. Mundan başga-da, taslamanyň režissýory Tim Býorton we baş keşbi ýerine ýetiriji Jenna Ortega The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde spin-offy döretmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy...

5.6k+

“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy

“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady...

2.1k+

82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi

82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi. Şu ýyl kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçiriler. Esasy bäsleşige Jim Jarmuş (Kaka Eje Uýa Dogan / Отец Мать...

8.6k+

Hakerler ygtybarsyz parol sebäpli 158 ýyllyk britan kompaniýasyny ýok etdi

Hakerler topary bir ygtybarsyz parolyň netijesinde 158 ýyllyk kompaniýany ýok edip, 700 adamy işsiz goýup bildi diýip, BBC habar berýär. Nortgemptonşirde (Beýik Britaniýa) ýerleşýän KNP ulag kompaniýasy Akira hakerler toparynyň kiberhüjümi netijesinde öz işini bes etdi...

4.1k+

ABŞ-da Uber zenanlara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berer

Uber kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgustyndan ABŞ-da zenan ýolagçylara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berýän synag funksiýasyny işe girizer. Bu barada CNBC habar berýär. Hyzmat Los-Anjeles, San-Fransisko we Detroýt şäherlerinde elýeterli bolar...

8.8k+

Geljekki Redmi Turbo 5 flagmanynyň aýratynlyklary we bahasy belli boldy

Täze Redmi Turbo 5 smartfonynyň esasy aýratynlyklary belli boldy. Smartfonyň şu çärýegiň ahyryna çenli resmi taýdan görkezilmegine garaşylýar diýip, Gizmochina ýazýar. Maglumatlara görä, smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryna hem-de 120 Gs täzelenme ýygylygy we QHD+ durulygy bilen 6,78 dýuýmlyk AMOLED displeýine eýe boldy...

8.5k+

Argentinada ýara we çiş şikaýatlardan soň Colgate diş pastasy gadagan edildi

Argentinada raýatlardan zyýanly täsirler barada gelen arzalardan soň Colgate Total Active Prevention Clean Mint diş pastasyny ulanmak, ýaýratmak we mahabatlandyrmak gadagan edildi. Bu barada Derman serişdeleriniň, azyk önümleriniň we lukmançylyk tehnologiýalarynyň hiline gözegçilik milli edarasy (ANMAT) habar berdi...

7.1k+

“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar

Režissýor Denni Boýluň apokalipsisden soňky waka barada “28 ýyl soň” (28 лет спустя) zombi-horrory 29-njy iýulda daşary ýurt sanly platformalarynda çykar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti “gahar wirusy” epidemiýasy sebäpli galan dünýäden üzňeleşdirilen Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar...

4.4k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aýdan soň, 19-njy awgustda sanly platformalarda elýeterli bolar. Meşhur franşizanyň baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmegindäki sekizinji filmi, takmynan, 400 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 589 mln dollar ýygnady...

2.3k+

“Lilo we Stiç” onlaýn görkezilip başlandy

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki onlaýn kinoteatrlarda elýeterli boldy. Ozal film 2025-nji ýylyň dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan köp gazanan ilkinji golliwud taslamasy bolupdy. Sýužet başga planetadan gelen jandar bilen gawaýili gyzyň dostlugy barada gürrüň berýär...

4.7k+

Iş berijileriň haýsy hünär başarnyklaryny ileri tutýandygy belli boldy (infografika)

Analitik pikirlenme häzirki wagtda iň möhüm hünär başarnygy hasaplanýar. Bu barada “Iş orunlarynyň geljegi 2025” atly Bütindünýä Ykdysady Forumynyň hasabatynda aýdylýar. Resminamanyň esasy netijeleri 14,1 milliondan gowrak işgäri bolan halkara kompaniýalarynyň 1043 jogabyna esaslanýan infografikada berilýär...

2k+

OpenAI: ChatGPT çat-botuna bir günde 2,5 mlrd gezek ýüzlenilýär

OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlanan ChatGPT çat-boty ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar her gün bota 2,5 mlrd gezekden köp ýüz tutýar, bu bolsa ýylda, takmynan, 912,5 mlrd ýüzlenmä deňdir...

6.2k+

Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7-ni bejermek örän gymmat bolup çykdy

Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7 we Flip7 smartfonlarynyň ekranlaryny çalyşmak örän çykdajyly bolup biler diýip, SamMobile portaly ýazýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Galaxy Z Fold7 smartfonynyň çeýe içki ekranyny çalyşmak 761 ýewro, daşky ekrany bolsa 525 ýewro düşer...

12k+

La-Palma adasynda planetanyň aýlanyşyny kamera düşürdiler

Kanar adalarynda sekiz sagatlyk taýmlaps düşürildi we onda Ýeriň aýlanyşy görünýär. Wideonyň awtory tinmar_g lakamly Reddit ulanyjysy boldy. Ol La-Palmas adasynda kamera gurnady we Star Adventurer astrotrekeriniň kömegi bilen ony asmanyň bir nokadyna gönükdirdi...

3.8k+

OpenAI-den EA Halkara matematika olimpiadasynda “altyn medal” gazandy

OpenAI-iň synag emeli aň modeli Halkara matematika olimpiadasynda (IMO) 42 baldan 35 bal gazandy, bu bolsa altyn medalyň netijesine laýyk gelýär. Bu barada kompaniýada habar berildi. EA dünýäniň iň abraýly matematika ýaryşlarynyň birinde şeýle derejäni ilkinji gezek görkezýär...

2.7k+

Wenesiýa kinofestiwaly 2025-iň emin agzalarynyň düzümi yglan edildi

Wenesiýa kinofestiwalynyň müdirligi 82-nji biennaleniň emin agzalarynyň düzümini yglan etdi. Kinofestiwal 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety ýazýar. Esasy emin agzalarynyň ýolbaşçysy režissýor Aleksandr Peýn (“Galdyrylanlar”/Оставленные) bolar...

6k+

Marvel Demir adamyň roluna täze aktýor gözleýär

Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi Demir adamyň roluny ýakyn wagtda başga bir aktýoryň ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy. Bu barada Variety habar berýär. 2008-nji ýyldan bäri supergahryman Demir adama öwrülýän Toni Starkyň keşbini ekranda Robert Dauni-kiçi janlandyryp gelýärdi...

4.5k+

Aşgabatda zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

19-njy iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde çeper elli zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady...

2.1k+

HP öz kompýuterlerinde öçürip bolmajak mahabatlary görkezip başlar

Iň iri personal kompýuter öndürijileriň üçlügine girýän HP Inc. öz noutbuklarynda we iş stoly kompýuterlerinde öçürip bolmaýan mahabaty görkezmegi meýilleşdirýär. Bu barada HP-iň taslamany öňe sürmegiň strategiýasyny beýan edýän tanyşdyryşyny tapan AdWeek neşiri habar berýär...