“Angry Birds 3 kinoda” 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykar. Ses bermäge MrBeast gatnaşar

  • 20.09.2025 14:20
  • 2.4k+

Paramount “Angry Birds 3 kinoda” multfilminiň ilkibaşda meýilleşdirilenden ir – 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykjakdygyny habar berdi. Ozal premýera 2027-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna meýilleşdirilipdi.

Möhleti üýtgetmek bilen döredijiler mekdep okuwçylarynyň Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde multfilme tomaşa etmegine mümkinçilik bermek isleýär. Şeýle-de, ses bermäge inflýuenser Saliş Metteriň we iýunda Forbes-iň maglumatlary boýunça ýyllyk girdejisi 85 mln dollar bolan dünýä belli bloger Jimmi MrBeast Donaldsonyň gatnaşjakdygy belli boldy. Ýöne olaryň haýsy gahrymanlara ses berjekdigi entek belli däl.
Mundan başga-da, multfilm gahrymanlaryna Jeýson Sudeýkis, Joş Ged, Reýçel Blum, Denni MakBraýd, Emma Maýers, Keke Palmer, Tim Robinson, Lili Jeýms we beýlekiler ses berer.
Adybir wideo oýnuna esaslanýan franşizanyň üçünji bölümini režissýor Jon Raýs düşürdi. Ol birinji bölümiň üstünde-de işläpdi. Ssenarini ikinji bölümiň tekstiniň awtory Turop Wan Orman ýazdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......