Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy

  • 22.09.2025 00:28
  • 11k+

Hytaýda bir çapar tötänden doňduryjyda gulplanyp galan bir zenany halas etdi. Zenan minnetdarlyk hökmünde oňa öz kompaniýasyndan paý berdi diýip, China Morning Post habar berýär.

Hunan welaýatyndan Çen atly bir zenanyň logistika kompaniýasy bolupdyr. 31-nji awgustda  agşam ol ýeke özi sowadyjy ammarda azyklary sortlapdyr. Düzgün boýunça  şeýle işler azyndan iki işgär bolup ýerine ýetirilmeli, sebäbi kameranyň gapylary içinden açyp bolmaýan görnüşde gurlan eken. Çen işini tamamlan badyna gapy jarka ýapylypdyr, ätiýaçlyk açyjy düwme bolsa näsaz bolup çykýar.
Kameranyň temperaturasy minus 20 dereje eken. Zenanyň egnine geýen eşigi ýeňil bolup, ýanynda telefony hem ýok eken. Ilki ol gygyryp kömege çagyrypdyr, ýöne ony eşiden bolmandyr: ammar barmasy kyn ýerde ýerleşipdir. Soňra Çen börekli guty bilen gapyny kakyp başlapdyr we tizden ysgyndan gaçyp ýadapdyr.
Ahyrynda onuň ysgynsyz gygyrýan sesini çapar Lýu Sýuý eşidipdir we zenana ol ýerden çykmaga kömek edipdir. Ol kameranyň içinde 20 minut töweregi wagt bolupdyr. Onuň sözlerine görä, baryndan beter ol çagalaryny alada edipdir: biri orta mekdepde okaýar, beýlekisi bäş ýaşynda eken. Özüne gelmek üçin oňa iki sagat gerek bolupdyr.
Soňra Çen halasgärine minnetdarlyk bildirip, oňa gyzyl wympel, gül, iýmit, pul we iň esasysy - kompaniýasynda paý berdi. Çen: "Hiç kim meni eşitmedik bolsa, megerem doňup galardym" -diýdi.


şu gün 11:17
1.4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
426

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....