Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy: täze sesler, funksiýalar

  • 19.09.2025 19:56
  • 2.2k+

Valve kompaniýasy Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy. Esasy üýtgeşme ýaraglar üçin 17 sany täze wizual görnüşleri öz içine alýan Genesis kolleksiýasy boldy. Olary adaty keýslerden tapawutlanýan täze Genesis Uplink Terminal ulgamy arkaly almak bolýar.

Oýunçylara satyn almagyň bäş görnüşi teklip edilýär. Eger häzirki teklipden ýüz öwrülse, ol hemişelik ýapylýar. Satyn alnan predmetlerde gaýtadan satylandan soň ýitýän “Ilkibaşdaky eýesiniň şahadatnamasy” belligi peýda bolýar.
Täzelenme sese-de täsir etdi: her granat üçin – ony çykarmak, gözden geçirmek, çöpüni çekmek we zyňmak üçin aýratyn sesler ýazyldy.
Interfeýsiň täze funksiýalary hem peýda boldy. Indi syn etmek režiminde timmeýtleriň ulanýan ýaraglaryny görmek, şeýle-de predmetleri ýakynlaşdyryp, ýerini üýtgetmek bolýar.
Mundan başga-da, işläp düzüjiler JavaScript-iň esasynda skriptler bilen işlemek üçin cs_script ulgamyny girizdi. Mysal hökmünde script_zoo.vmap kartasy goşuldy. Atyş mehanikasy hem kämilleşdirildi. Ol subtick ulgamyna laýyklykda has takyk boldy. 

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......