iPhone 17 Pro we Pro Max ilkinji güni satylyp gutardy: isleg teklipden ýokary boldy

  • 21.09.2025 00:39
  • 11k+

Apple-iň täze smartfonlary satuwyň başynda uly isleg döretdi. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max has ýokary islegden peýdalanýar. Inçe iPhone Air smartfonyny bolsa ulanyjylar, esasan, bilesigelijilikden satyn alýar.

Birnäçe ýurtlarda Pro modellerine garaşmagyň möhleti dört hepdä çenli uzaldy. Käbir sebitlerde bolsa smartfonlary derrew almak bolýar: mysal üçin, Ýaponiýada sargyt eýýäm şu hepdäniň dowamynda eltip berilýär. Gonkongda iPhone Air-i, eger ätiýaçlykda bar bolsa, göni dükandan alyp bolýar, ýöne iPhone 17 Pro üç hepde diýen ýaly garaşmak bilen diňe onlaýn arkaly elýeterlidir.
Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Hytaýda we Singapurda ýagdaý has kyn, bu ýerde Pro Max üçin bir aý garaşmaly. Günorta Koreýada iPhone 17 Pro bir hepdäniň dowamynda eltip berilýär, ýöne has ýokary wersiýa diňe oktýabryň ahyrynda satuwa çykar.
Pro wersiýalarynyň şeýle meşhurlygy smartfonlaryň täzelenen dizaýny, alýumin korpusy, şeýle-de ulaldylan batareýa, giňeldilen ýat we täze kameralar ýaly aýratynlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, iPhone 17 Pro öňki modelden bary-ýogy 100 dollar gymmat, bu hem onuň ýene bir özüne çekiji tarapy boldy.
iPhone Air barada aýdylanda, inçe korpus ulanyjylar üçin esasy artykmaçlyk bolmady. Smartfonyň bahasy Pro ýaly ýokary bolsa-da, batareýasy we kameralary gowşak gelýär. Umuman aýdanyňda, ol meşhur bolup bilmedik Samsung S25 Edge-iň ykbalyny gaýtalaýar. 


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...