Samsung şu ýyl OneUI 8-i aljak Galaxy enjamlarynyň sanawyny çykardy

  • 20.09.2025 06:53
  • 4.6k+

Samsung kompaniýasy Android 16-a esaslanýan OneUI 8 firma interfeýsiniň täze wersiýasynyň çykarylandygyny habar berdi. Ony ilkinji bolup Galaxy S25 seriýaly smartfonlar aldy. Indi kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täzelenip başlajak beýleki enjamlaryň sanawyny çap etdi.

Şu ýyl OneUI 8 aljak esasy kategoriýalar:

  • Galaxy S-seriýasy: S25, S25 +, S25 Ultra, S25 Edge, S24, S24 +, S24 Ultra, S23, S23 +, S23 Ultra, S22, S22 +, S22 Ultra.
  • Galaxy Z seriýasy : Z Fold 6, Z Flip 6, Z Fold 5, Z Flip 5, Z Fold 4, Z Flip4.
  • Galaxy FE (Fan Edition) : S24 FE, S23 FE, S21 FE.
  • Galaxy Tab planşetleri : Tab S10 FE, Tab S9 FE, Tab S9 FE+, Tab S10, Tab S10 Lite, Tab S9, Tab S8.
  • Galaxy A seriýasy : A56 6G, A55 5G, A54 5G, A36 5G, A35 5G, A34 5G, A26 5G, A25 5G, A17 5G, A17, A16 5G, A16, A15 5G, A07, A06 5G, A06, A73 5G, A53 5G, A33 5G.

Samsung S25 seriýasyndan tapawutlylykda, beýleki modelleriň oktýabr aýynda täzelenmeleri kabul edip başlajakdygyny düşündirdi. Şeýle hem, kompaniýa neşir edilen sanawyň doly däldigini we soňundan goşmaça enjamlaryň goşulyp biljekdigini aýtdy. Mysal üçin, sanawda häzirki wagtda Galaxy Z Fold Special Edition ýaly modeller, şeýle hem käbir sebitler üçin çykarylýan enjamlar (Galaxy F we Galaxy M seriýalary) ýok.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...