Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaýjylary sebäpli tas 20 müň adam ewakuasiýa edildi

  • 22.09.2025 10:46
  • 10k+

Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň iki bombasynyň tapylmagy sebäpli tas 20 000 adam ewakuasiýa edildi. Bu barada Berliniň polisiýasyna salgylanyp, Independent neşiri habar berdi.

18-nji sentýabrda agşam Fişerinzel sebitindäki Şpreýe derýasynyň düýbünde gyrmança bilen basylan ýarylmadyk bomba tapyldy. Ol dört metr töweregi çuňlukdady. Tapyndydan 500 metr radiusda, takmynan, 7 500 ýerli ýaşaýjy ewakuasiýa edildi. Köp adamlar wagtlaýyn düşelgelerde ýygnandy.
Ýagdaýa baha berlenden soň halasgärler bombany zyýansyzlandyrmagyň zerur däldigini habar berdi, şondan soň Fişerinzeliň ýaşaýjylary öýlerine dolanyp bildi. Ýöne şäherdäki düşelgeler doly bolmagynda galýar.
Şol bir wagtyň özünde Şpandau sebitinde agramy 100 kg bolan ýene bir bomba tapyldy. Ony zyýansyzlandyrmak üçin, takmynan, 12 000 adam öz öýlerini terk etdi. Häkimiýetler ähli mätäçleri ýerleşdirmek üçin ikinji düşelgäni açdy.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......